MENU

Fun & Interesting

AZAT DÖNMEZOW & AYDAYOZIN - BILE BOLALY (Gutlag Aýdymy) Official Lyric Video 2024

AZAT DÖNMEZOW 51,640 3 months ago
Video Not Working? Fix It Now

#azatdönmezow #aydayozin #bilebolaly #hojayevprod #batyrovproduction Video by: Shahzod Batyrow Music/Arranger: Begenç Hojaýew Lyrics: Karim Yazgylyjow Mix/Master: HOJAYEV PRO Görüň, diňläň, baha beriň, like goyuň we öz pikirleriňizi teswirlerde belläp geçiň! Göwnüňize ýaran bolsa dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň! LYRICS: (Azat Donmezow) Ömrüm saňa baglaýan Bu gün söz berýän Seni gorajagyma Wah, seni şeýle bir söýýän Ony özüňem bilýäň Ýeke goýmajygymy Batyryň aýdar Äşe Seni söýýär çenden aşa Ýüregimiň töründe Sen ömürlik ýaşa Bezeýäň sen ömrümi Hijem ýykman göwnüňi Çyndan söýeniň üçin Saňa bergili (chorus) Bile bolaly, bolaly Söýgimizi goraly Bile güleli, güleli Ýaşaly hem söýeli Men bir bagda bilbiliň Sen bir solmajak gülüm Ýüregim sen dilegim Bile bolaly, bolaly Söýgimizi goraly Bile güleli, güleli Ýaşaly hem söýeli Wah, men bir bagda bilbiliň Sen bir solmajak gülüm Ýüregim, dilegim (Aydayozin) Gujagyň metjit bolsun, sesiňem azan Birden gijä galsam alaýyn kazam Çyn söýgi günä bolsa, onda sen günäm Diňe günä gazanjak seni özüme diläp Ylaha müň şükür, söýgiňe Taňry ýalkasyn Dakmaga rugsat etdi bize nika halkasyn Saklaly sarpasyn, goraly birek biregi Bol ýüregimiň diregi, men seň bilen nesibeli Içimde dem barka, çepimde sen barkaň Armanym ýok eger-de, seň bilen gitsem baka Mende sen barkaň, sende-de men barkaň Başga näme gerek ýüreklerimiz urýarka? Men juda bagtly, arzuwlarymyz hasylly Sebäbi arzuwyňa ýetmek arzuw etmekden has uly Geýip toý lybasyny bagtly duýýaňmy özüň? Men-ä gutladym, indi Azat jan aýdaý özüň! (chorus) Bile bolaly, bolaly Söýgimizi goraly Bile güleli, güleli Ýaşaly hem söýeli Men bir bagda bilbiliň Sen bir solmajak gülüm Ýüregim sen dilegim Bile bolaly, bolaly Söýgimizi goraly Bile güleli, güleli Ýaşaly hem söýeli Wah, men bir bagda bilbiliň Sen bir solmajak gülüm Ýüregim, dilegim

Comment